Document

Watan mukaddesligi

Image
  • 22/11/2021
  • 9087

Watan mukaddesligi

Geçen — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen güýzki bag ekmek möwsümi halkymyzyň togap edýän mukaddeslikleriniň biri hökmünde topraga goýýan sarpasyny ýene­de bir gezek äşgär etdi. Çünki türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde toprak mukaddesligine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda manyly ýaşamagyň sungaty beýan edilýär. Ýaşamak, ýalkanmak, tagzym­togap etmek üçin bolsa toprak hem Watan gerek. Ine, hut şu zerurlyklaryň gymmatyna düşünmekde bolsa mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri adam üçin täze ruhy ýollary açýar. Ýoluň açyklygy bolsa türkmeniň döwletlilik ýörelgesinde alnyň, bagtyň açyklygy hasaplanylýar. Diýmek, ata Watan hem ene toprak biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ulus­iliň Arkadagy hormatly Prezidentimiziň altyndan arzyly, zerden zyýada ajaýyp eseri tutuş adamzat üçin ýaşaýşyň şamçyragydyr. Ýakymly ýaşaýşyň sapagyny, öz doglan, önüp­ösen, ýaşaýan ýeriň gymmatyny, ömrüň manysyny açyp görkezýän bu kitap halkymyzyň ýakyn hemrasydyr. Çünki onda ömür sapagyny dür deýin düzýän kada-kanunlar bilen birlikde, türkmen üçin iň mukaddes saýylýan gymmatlyklar barada buýsanç bilen söz açylýar. Öý­ojak, toprak ýaly mukaddesliklere düşünmegiň, oňa gadyr goýmagyň halkymyz üçin parzdygyny, ýörelgeli ýoldugyny dünýä ýaýmakda, nesillere wesýet etmekde bahasyna ýetip bolmajak bu çeşme egsilmez ruhy baýlykdyr. Kitabyň gatlaryna seriň, söýgiň, süňňüň bilen aralaşdygyňça ähli milli gymmatlyklarymyz, däp­dessurlarymyz, ýagşy adatlarymyz, mukaddes ýörelgelerimiz hakynda pikirleriň örän çuňňurdygyna göz ýetirmek bolýar. Olar hakynda düýpli we jogapkärli pikir ýöredýän, şol ýörelgäniň nesiller üçin mekdepdigini ündeýän eziz Arkadagymyzyň toprak mukaddesligine goýýan çäksiz sarpasyny hem ýene bir ýola görmek bolýar. Eserde ene topragyň ezizdigini, ýaşaýşyň özenidigini, oňa ynsanyň ömürlik örklüdigini beýan edýän giň mazmunly ajaýyp pikirler, ylmy-filosofik garaýyşlar bilen ýüzbeýüz bolýarsyň. Şular babatdaky taryhy tymsallaryň, rowaýatlaryň sahypalaryň süňňüne siňmegi bolsa bu hakynda teswirleriň täsirliligini artdyrýar. Kitapda: «Tutuş türkmen topragynyň berekediň mekany bolandygyna ajaýyp tebigatyň eçilen Tejeniň waharmany, Lebabyň gülabysy, Daşoguzyň garry gyzy, Sumbaryň nary diýen ýaly bahasyz baýlyklary şaýatlyk edýär» diýlip, bereketli türkmen topragynyň rysgal­döwleti, baýlyk ­bol çulygy beýan edilýär. Kesewini dürtseň hem pyntyk ýarýan bu topraga atababalarymyzyň ruhy, ene­mamalarymyzyň hüwdüsi siňendir. Bu ýerler türkmen diýen beýik milletiň göbek ganynyň damyp, önüp-­örňän, döwlet tapan, dünýä ýol salan ýerleridir. Oguz hanyň gaýraty ganatlanan, Jygalybegiň wesýeti rowaçlanan, Magtymguly Pyragynyň şygyr ýazan ýerleri, Gahryman Arkadagymyzyň röwşen geljegiň hatyrasyna belent maksatlary nazarlap nahal oturdan ýerleri neneň mukaddeslik saýylmasyn! Asman bilen Zeminiň arasynda türkmeniň togap edýän gymmatlyklarynyň biri Tug bolsa, beýlekisi toprakdyr. Şonuň üçin hem kitapda türkmeniň owal­ahyr sežde eden keramaty, ybadaty — köňlüniň hoşgähi bolan toprak mukaddesligi hakynda şeýle hakykat gürrüň berilýär: «Taryhda uly orun eýelän meşhur serkerdeleriň ömür ýoly baradaky ýazylanlar hem olaryň watansöýüjiliginiň beýik nusgasyny aýan edýär. Jelaleddin türkmeniň ady hem bu töwereklere giňden ýaýrandyr. Ol merdana, batyr, gaýratly we edenli türkmen serkerdesidir. Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler­de, gutulybermändir. Şonda serkerde başyny galdyryp: — Maňa öz Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz sagalýan — diýipdir». Görnüşi ýaly, ömür şu toprak, şu Diýar bilen ömürdir. Ykbal şu topraga dahylly bolanda yranmazdyr. Watan eziz Arkadagymyzyň dowamat dowam edýän beýik işleri bilen beýikdir. Ömür menzillerinden söz açýan, adamçylyk hem watançylyk ýaly asylly ýörelgeleri rowaç eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna bolsa watansöýer ýürekleriň alkyşlary, ýagşy arzuwlary egsilmezdir.

Baýrammuhammet ATANEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.