Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany

Image
  • 20/05/2024
  • 124

Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden baýram edilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylan baý many-mazmunly dürli çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde örän terbiýeçilik ähmiýetli bolup durýar.

Magtymgulynyň şygyr setirlerini synlasaň, onuň durmuşy, pelsepewi garaýyşlary, döwri bilen tanyşmak mümkinçiligi, geljege bolan nazaryýeti giňden açylýar. Onuň tematiki aňlatmaly, baý mazmunly şygyrlaryny diliň dürli görnüşli çeperçilik serişdelerini ýerlikli ulanmagy okyjyny biygtyýar özüne çekýär. Ylahy ylhamyň eýesi bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde diňe edebiýaty söýüjilere däl, islendik teşne okyjylara öwrenere, gyzyklanara zat kän.

Garaşsyzlyk eýýamynda her ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilmegi aýratyn waka, ählihalk baýramçylygy ruhunda ýokary derejä eýe bolýar. Onuň ýubileý seneleri bolsa aýratyn öwüşgine beslenýär. Dürli ýyllarda şeýle şanly seneler mynasybetli çykarylan pul banknotlarynda, şaýy teňňelerde, bezeg, ýadygärlik, sowgatlyk önümlerinde, poçta markalarynda hem akyldar şahyryň keşbi özboluşly häsiýetde beýan edilipdir. Söz ussadynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän guburynyň üstünden getirilen toprak hem aýratyn bir mukaddeslik, gymmatlyk hökmünde muzeýde saklanylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her ýyly täzeçe atlandyrmak birnäçe ýyllardan bäri döwletimizde adata öwrüldi. Çünki ýylyň ady bizi belentliklere, täze sepgitlere ýetmeklige ruhlandyrýar. Ýylyň adynda üýtgeşik bir güýç bolýar» diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem, bu ýylda-da Magtymguly Pyragynyň pähim-parasadyndan ruhlanan halkymyzyň akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatyny baýlaşdyran döredijiliginiň beýikligi ýaly belent sepgitlere ýetjekdigi şübhesizdir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara baýramçylyk hökmünde belleniljekdigi halkymyzyň göwnüni götermek bilen çäklenmän, ýyllaryň ýüzünde ýylgyryş döredip, günleriň ruhuny galkyndyrýar.

Goý, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Jennet MEREDOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.