- 10/11/2023
- 354
«TÜRKMENTEL-2023» ATLY XVI HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLAÝAR
9-10-njy noýabrda Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.
«Türkmentel-2023» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Taýland Patyşalygy, Hindistan, Päkistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly, dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-ne golaý kompaniýanyň 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şol sanda «Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi» (ITU), «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy» (PCC), «Bütindünýä GSM bileleşigi» (GSMA), «Intersputnik» Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan hem wekiller gatnaşarlar.
Geçiriljek halkara serginiň we maslahatyň dowamynda ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçiriler.
Maslahatyň dowamynda «Sanly çözgüt-2023» innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylar öz sanly önümlerini işewürler jemgyýetine görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem, çäräniň çäginde Türkmenistanyň döwlet we hususy guramalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Turkmentel-2023» halkara sergisi we ylmy maslahaty sebitdäki maglumat we ylmy-tehnologiki taýdan ähmiýetli, ýokary derejeli çäreleriň biri bolup, bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenlere telekommunikasiýa, innowasiýa we ýokary tehnologiýa pudagynda tejribe we täze pikirler alyşmaga mümkinçilik döredýär.