HALKYŇ ÝÜPEK SEDASY

Image
  • 02/11/2023
  • 237

HALKYŇ ÝÜPEK SEDASY

Ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan täzeçilliklerden kemal tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüşlere, özgerişliklere beslenýär. Ol özgerişlikleriň sazlaşygy bizi beýik geljegiň ýolundaky täze-täze sepgitlere atarýar. Çünki hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan işleriň her biri halkymyzyň geljeginiň bagtyýarlygyna gönükdirilýär. Bu aýdylanlaryň durmuşy keşbi 21-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde-de giňişleýin beýanyny tapdy. Maslahatda Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen bilelikdäki maslahatynda goldanylypdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilip, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň bellenilmegi aýdyň geljegimizdäki täze sepgitleriň rowaçlyklara beslenjekdigi baradaky hoş habar bolup dünýä ýaň saldy. Ynam islendik gatnaşyklaryň-da binýadyny düzýär. Şol binýadyň düzüminiň ynamdan berkidilmegi ýola goýlan gatnaşyklaryň dowamlylygyny we netijeliligini kesgitleýär. Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki gadamlarynyň şowlulyga beslenmeginiň aňyrsynda-da her bir başlangyçda halallykdan, ynamdarlykdan ugur alynýandygy dur. Hut şu ýagdaý hem bagtyýarlygyň, parahatçylygyň datly hözirini görýän halkymyzyň ýüreginde Gahryman Arkadagymyza söýgini pursatsaýyn berkidýär. Gahryman Arkadagymyzy «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýip kanun esasynda ykrar etmek barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi watandaşlarymyzyň ýürek sedasynyň resmi taýdan ykrar bolmagydyr. Maksatlar aýdyň bolanda menzilleriň aşylyşy öndümli bolýar. Ýetilýän sepgitler netijeli bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren ‹‹Dialog — parahatçylygyň kepili›› atly filosofiýasy bu günki gün Türkmenistan Diýarymyzyň deňhukukly daşary syýasat gatnaşyklarynda durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm esasy bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda Türkmenistanyň ähli babatda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilmegi netijesinde ýurdumyzda uly-uly taslamalar durmuşa geçirildi. Şeýle anyk taryhy wakalaryň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän bu ýolda ýaş nesle uly ornuň berilmeginde çuňňur many bar. Çünki täzeleniş — tebigatyň, durmuşyň ebedi kanuny. Şol täzelenişiň ösüşler arkaly dowam etmegi bolsa geljekki menzillere rowaçlyk berýär. Innowasion tehnologiýalar dünýäsine beletlik bilen aralaşýan ýaşlarymyzyň Watanymyzyň geljegini ösüşlere beslejekdigine ynanýarys. Sebäbi bu günki talyplarymyzyň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň kalbynda ajaýyp zamanamyza, türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz söýgi, aýdyň geljege ynam bar

Ähli hukuklary goralan.