Dünýä

Image
  • 26/10/2023
  • 239

Dünýä

Hiç mahal Güni ýaşmaýan Ömri daýym dowam dünýä. Jogaby ýerne düşmeýän Gutarnyksyz sowal dünýä. Ýagşy-ýamandan doly sen, Hem-ä sag sen, hem däli sen, Bir seretsem, çyn ýaly sen, Bir seretsem, hyýal dünýä. Aýyň baky, Günüň baky, Eýläň o:tdur, beýläň päki, Ol ne alaw içiňdäki? Nirden tapýaň kemal, dünýä? Tanamagy başarmadym, Egnimden ýük düşürmediň, Niýetiňi ýaşyrmadyň, Bir üýtgewsiz ykbal dünýä.

Ähli hukuklary goralan.