Bagtyýarlygyň ýurdy

Image
  • 03/05/2023
  • 795

Bagtyýarlygyň ýurdy

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyz günsaýyn ösýär hem-de özgerýär. Arkadagly Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylmyna, bilimine, giň dünýägaraýşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar.

     Ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalary dolandyrmaklary, ýokary hünärli bolmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli alnyp barylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi biz — ýaşlary has-da buýsandyrýar, okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höweslerimizi artdyrýar.

     Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň interaktiw usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň netijeli bolmagyna ýardam edýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikleri berýär. Internet arkaly gerekli maglumatlar bilen gysga wagtda tanyşmak bolýar. Ylmy kitaplary sanly ulgamdan okap bolýar. Sanly bilim portaly uzak aralykdan bilim almaga uly mümkinçilik döredýär.

     Hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz döwletimiziň berkararlygyny has-da pugtalandyrmak, ylymda, bilimde uly üstünlikleri gazanmak ýaş nesilleriň baş maksady bolup durýar. Türkmen ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar, ökde hünärmenler bolup ýetişip, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşýarlar. Türkmen ýaşlary häzirki wagtda telekeçilikde, ylymda, bilimde uly üstünliklere eýe bolýarlar.

     Ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Begençmyrat BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

free porn videos free sex videos

Ähli hukuklary goralan.