MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE TEBIGATYŇ GÖZELLIGI

Image
  • 08/04/2023
  • 2582

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE TEBIGATYŇ GÖZELLIGI

Türkmen edebiýatyny öwreniji alymlaryň bellemeklerine görä, Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazynadyr, ruhy baýlykdyr. Akyldar şahyryň goşgulary her bir ynsanyň kalbynda orun aldy, çünki şol şygyrlar diňe bir edebi gymmatlyk bolman, eýsem, pelsepewi garaýyşlardyr, çuňňur manyly pikirlerdir, öwüt-ündewlerdir. Şahyryň eserlerini okap, many-mazmunynyň çuňňurdygyna, giňdigine göz ýetirmek bolýar. Şonuň üçin hem bu gymmatly edebi mirasy, ruhy hazynany ýaşlara öwretmek asylly ýörelgämiz bolup durýar. Akyldar şahyryň watansöýüjilik hakyndaky öwüt-ündewleri milli terbiýede möhüm ähmiýete eýe boldy. Watansöýüjilik hakyndaky pikirler, öwüt-nesihatlar öz döwründe wajyp bolmak bilen bir hatarda hemişelik ýörelgeden ugur alýar. Watan hakyndaky pikirler adamzadyň hemişelik ýörelgesine, ynsanyň kalbynyň owazyna öwrülýär. Şahyr bu ugry tebigatyň gözellikleri, mertlik, batyrlyk bilen hem beýan etmegi başarýar. Şahyryň: Janym biziň, Soňudagy, Dagdanlydyr biliň seniň- diýip, başlaýan goşgy setirlerinde hem eziz Watanymyzyň tebigaty, onuň gözelligi wasp edilýär. Goşgynyň many-mazmuny diňe bir tebigat bilen baglanyşykly däl, eýsem, onda küren iller, kerwen ýollary, umuman, gözel ýerleriň ilaty hakynda beýan edilýär. Dürli-dümen otuň biter, Her deräň bir ile ýeter, Hatarlanşyp kerwen öter, Naýbadaýdyr ýoluň seniň. Hut şunda hem tebigat bilen ýaşaýşyň sazlaşygyny görmek bolýar. Goşgynyň mazmunyna içgin aralaşaňda şahyryň ussatlygyna göz ýetirmek bolýar. Söz ussadynyň ýiti nazaryndan geçen her bir waka ýokary çeperçilige eýe bolýar. Watansöýüjiligi şeýle inçelik bilen yzarlamagyň özi hem ýokary ussatlyk diýip bellemek bolar. Şonuň üçin hem şahyryň dilinde watansöýüjilik dogduk mekanyň¬dan, onuň giň sähralaryndan, dagy-düzünden, tebigatynyň gözelliginden başlanýar. Bu gözellikleri şygyrda wasp etmek bilen bolsa, okyjynyň kalbynda şu topraga bolan söýgini döredýär. Watansöýüjilik pikirleri şahyr esasy ýörelge edinýär. Şonuň üçin hem Watan hakyndaky pikirleri bilen dünýä göz ýetirýär, syrly dünýäni açýar. Bu pelsepewi garaýyşlar şahyryň şirin owazyna öwrülýär, has takygy, döredijiliginiň esasy özeni bolýar. Eziz Diýaryň gözelligini wasp etmek beýik akyldaryň oý-pikirlerini baýlaşdyrýar, garaýyşlaryna çuňňur many berýär. Şeýlelikde, ýokary çeperçilikli suratlandyran umyt-arzuwlary watansöýüjilik hakynda belent owaza, ajaýyp şygra öwrülýär. Kesgiç-kesgiç baýyr geçer, Gyzylbaýyr göwün açar, Sowuk çeşme suwun içer, Şonda dürli malyň seniň. Goşgynyň many-mazmunynda Watanyň gözelligi, ajaýyplygy beýan edilýär. Nusgawy edebiýatymyzdaky şeýle baý mazmunly goşgulary öwrenmek we wagyz etmek, geljek nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Baýrammuhammet ATANEPESOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Ähli hukuklary goralan.