Document

Awtomatlaşdyrma kafedrasy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we awomatlaşdyrma fakultetinde “Awtomatlaşdyrma” kafedrasy hereket edýär. Bu kafedranyň gönükdirilen ugry aragatnaşyk we demir ýol pudagynyň edara-kärhanalarynda tehnologiki liniýalary we önümçilik prosesini, tehniki obýektleri dolandyryş ulgamlarynyň maglumat, algoritmik, enjam, programma we usuly üpjünçiligini döretmegi hem-de peýdalanmaklyga gönükdirilen. Şeýle hem tehniki ulgamlarda kompýuter ylymlarynyň, matematikanyň we awtomatlaşdyrmanyň nazary we amaly bilimlerini ýeterlik derejede ele alan, şol ugra degişli meseleleri kompýuter usullary arkaly çözüp bilýän we tehnologiýalaryň professional maglumat ulgamlaryna gönükdirilen işleriniň çäklerinde maglumat proseslerini döredip, modelirläp, seljerip, programirläp, analiz edip bilýän, tehnologiki proseslerden baş çykarýan hem-de düýpli we ýörite taýýarlygyna laýyklykda taslama-konstruktorçylyk, tehnologiki guramalarda ylmy–barlag, önümçilik-dolandyryş, dolandyryş-guramaçylyk we ulanyş işleri ýerine ýetirip bilýän hünärmenleri taýýarlamaklyga ugrukdyrylandyr. Awtomatlaşdyrma kafedrasynda jemi üç sany hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Olar:

  1. Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş
  2. Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy
  3. Demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk

 

Kafedrada “Köpçülige hyzmat ediş ulgamynyň (KHEU) çemeleşmelerini sebitiň aragatnaşyk ulgamlarynyň elektromagnit howpsuzlyk meselelerine ornaşdyrmak” atly ylmy-barlag iş alnyp barylýar.

Ylmy işiň wajyplygy: Köpçülige hyzmat ediş ulgamynyň (KHEU) çemeleşmelerinde sebitiň aragatnaşyk ulgamlarynyň elektromagnit howpsuzlyk meselelerini öwrenmek. Şunuň bilen baglylykda elektromagnit ýaýramalarynyň howpuny azaltmak.

“Awtomatlaşdyrma” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan okuw kitaplary  we gollanmalary:

  1. Demir ýolda awtomatkanyň, telemehanikanyň we aragatnaşygyň elektrik   zynjyrlarynyň nazaryýeti

  2. Demir ýolda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk ulgamlarda tehniki ölçegler

3. Ygtybarlygyň nazaryýeti

4. Demir ýol aragatnaşyk ulgamlary

5. Dispetçer merkezleşmesi

6. Demir ýolda awtomatikanyň, telemehanikanyň we aragatnaşygyň liniýalary

7. Demir ýol awtomatikanyň, telemehanikanyň we aragatnaşygyň gurallarynyň mikroprosessor maglumat dolandyryş ulgamlary

8. Hünäre giriş

9. Dolandyryş ulgamlaryň elementleri we gurluşlary

10. Dolandyryş ulgamlarynyň informasion üpjünçiligi

11. Poçta ugratmalaryny işlemekligiň awtomatlaşdyrylyşy

12. Tehniki ölçegler we enjamlar

13. Poçta aragatnaşygynda elektron-hasaplaýyş tehnikasy

14. Poçta aragatnaşygyny guramak we meýilleşdirmek

15. Tehniki ulgamlarda awtomatlaşdyrlan dolandyryş

16. Elektron poçta

17. Awtomatiki dolandyrylyşyň nazaryýeti

18. Awtomatikanyň we telemehanikanyň diskret gurallarynyň nazaryýeti

Ähli hukuklary goralan.