Bäsleşik

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça geçiriljek ders basleşiginiň

Düzgünnamasy

I.UMUMY DÜZGÜNLER

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar dowletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda edýän aladalaryna jogap edip bilim işgärleri tarapyndan döwletimiziň dünýäniň bilim ginişligine goşulyşmagy, daşary ýurt dilleriniň we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kamilleşdirmek boýunça meýilnamalaýyn esasda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Bu düzgünnama umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça ders bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär;

Bäsleşigi geçirmek boýunça taýýarlyk işleri we guramaçylygy Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 23 belgili buýrugy esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýokary we orta hünär bilimi bölümi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümi we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan alnyp barylýar;

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli umumybilim beýän orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Umumybilim berýän orta okuw mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça ders basleşiklerini yzygiderli geçirmek ýaşlarymyzyn innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmakda ukyplaryny açyp görkezer, şeyle hem bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ulanmagy hem-de çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary yüze çykarmaga ýardam eder.

II. BASLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI

Türkmenistanyň Prezidentiniň çagalaryň tebigy zehini, başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça işleri guramak we kämilleşdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 23 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde geçiriljek informatika dersi boýunça basleşigiň esasy wezipeleri ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kamilleşdirmeklerine hem-de umumy dünýägaraýyşlaryny ösdürmeklige, hazirki döwurde ýüze çykyan ylmy we amaly meseleleri derňemage ukyply ýaş hünarmenleri yetişdirmäge, bilim derejesini we başarnygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli işleri alyp barmaklyga gönükdirilendir.

Bäsleşigiň wezipeleri indikilerden ybaratdyr:

  • ýaşlary geljekde hünär ugurlaryny saýlap almaga ugrukdyrmak we informatika dersi boýunça ukyplaryny ýüze çykarmaga ýardam bermek;
  • mekdep okuwçylarynyň takyk ylmy ugurly derslere bolan höwesini artdyrmak;
  • ýaşlaryň programmirleme ukyplarynyň ýüze çykarylmagyna we ösdürilmegine ýardam etmek;
  • milli programma üpjünçilikleriň işlenip taýýarlanylmagynda ýaşlaryň goşandyny artdyrmak;

III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI

Basleşigiň geçiriliş tertibi 2-tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyry ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synpynda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň itit.nesil.edu.tm salgyly bilim portalynyň üsti bilen onlaýn usulynda geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi iş dili türkmen we rus dili

1-nji tapgyr: Welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça kesgitlenen senelerde indiki görkezilen tertipde onlaýn usulynda geçirilýär.

Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň geçirilýän senesi we wagty;

Balkan welaýaty – 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde, sagat 10:00;

Ahal welaýaty – 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde, sagat 15:00;

Mary welaýaty – 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde, sagat 10:00;

Lebap welaýaty – 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde, sagat 15:00;

Daşoguz welaýaty – 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde, sagat 10:00;

Arkadag şäheri – 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde, sagat 15:00;

Aşgabat şäheri – 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde, sagat 10:00;

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren umumybilim berýän orta mekdepleri gatnaşjak okuwçylar we jogapkar mugallym baradaky maglumatlary 2024-nji ýylyň mart аýуnуň 26-syna çenli aşakda gorkezilen tablisa görnüşinde basleshikttweii@gmail.com elektron poçta salgysyna ugratmalydyrlar.

T/b Okuwçynyň familiýasy, ady we
atasynyň ady
Okaýan mekdebiniň doly ady, synpy Telefon
belgisi
Elektron poçta
salgysy
1
2
3
Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady,
wezipesi, telefon belgisi

Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary tarapyndan işlenilip düzülen informatika dersine degişli 50 soragdan ybarat test ýumuşlary we 5 sany mesele beriler. Test ýumuşlarynyň hersiniň dogry jogaby 1 ball, mesleleriň hersiniň dogry jogaby 10 ball bilen bahalandyrylýar.

Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda berilýän ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin her okuwça 180 minut (3 sagat) wagt berilýär.

Bäsleşigiň 1-nji tapgyryna gatnaşyjylara guramaçylyk topary tarapyndan itit.nesil.edu.tm salgyly bilim portalyna birikmek üçin zerur bolan ulanyjy ady we açar sözi bir gün öňünden elektron poçta salgysyna ugradylýar.

Bäsleşigiň bu tapgyrynda ýumuşlar ýerine ýetirýän wagtynda diňe Internet olimpiadasyna degişli programma üpjünçiligi bilen işlemelidir. Ýumuşlar okuwçylar tarapyndan özbaşdak ýerine ýetirmäge degişli bolup, gatnaşyjylaryň Internet bilen üpjün edilmegine etrap bilim bölümleri we şäher hem-de welaýat Baş Bilim müdirlikleri jogap berýärler.

Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda berlen test ýumuşlaryny we meseleleri dogry işlän, iň köp utuga (balla) mynasyp bolan mekdep okuwçylaryň 1 sanyna I, 3 sanysyna II, 4 sanysyna III orunlar beriler.

Welaýat Baş Bilim müdirlikleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Baş Bilim müdirlikleri bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda I, II we II orunlara mynasyp bolan 7 sany mekdep okuwçylarynyň bäsleşigiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmagyny üpjün edýärler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry: 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde sagat 09:00-da Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadyndaky “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jegyýetiniň binasynda (Salgysy: Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 13-nji jaýy) bir wagtda geçiriler. Bu tapgyra birinji tapgyrda her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ýeňiji bolan 7 sany mekdep okuwçylary gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara informatika dersi boýunça mekdep maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Kompýuter ylymlary kafedrasy tarapyndan işlenilip düzülen 10 sany mesele berilýär. Berlen meseleleri işlemek üçin 4 sagat wagt berilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylara öz ýany bilen aragatnaşyk serişdelerini, elektronhasaplaýjy tehnikany, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçirijisi bolan islendik serişdeleri ulanmak rugsat berilmeyar;

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gurrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşyanlaryň hataryndan çykarylar;

Bäsleşigiň geçirilýän döwründe mekdep okuwçylarynyň welaýatlardan Aşgabat şäherine gelip-gitmegi we ýaşaýyş şertleri welaýat Baş Bilim müdirlikleri tarapyndan üpjün edilýär.

IV. BÄSLEŞIGIŇ EMINLER WE GÖZEGÇI TOPARY

Umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşigi gurmaçylykly geçirmek we jemini jemlemek uçin her tapgyrda emin agzalarynyň we gözegçileriň topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan döredilen emin agzlary we gözegçiler topary bäsleşigi geçirýär;

Islendik gatnaşyjynyň bäsleşigiň geçirilýän güninde arz-şikaýat bilen yüz tutmaga hukugy bolup, arz-şikaýatlar bilen eminler toparyna ýüz tutup biler;

Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijani eminler topary kesgitleýar hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

V. BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK

Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň goýan ballaryny jemlemek esasynda kesgitlenilýär.

Bäsleşigiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda döwlet derejesinde geçirilýän jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hemde I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýarlar.

Guramaçylyk topary

Telefon: +99312942899, +99365537884

E-mail: basleshikttweii@gmail.com, nurysaryyew2@gmail.com

Ähli hukuklary goralan.